Pandemiýa döwründe dünýäde ömür dowamlylygy iki ýyl azaldy. Bu barada BSGG-niň Russiýadaky wekili Melita Wuýnowiç aýtdy diýip, RIA Nowosti habar berýär.
“20-nji maýda BSGG ölüm derejesini hasaplamak barada täze hasabatyny mälim etdi we ol biziň pandemiýa döwründe dünýäde ömür dowamlylygynyň iki ýylyny ýitirendigimizi aýdyň görkezýär” – diýip, ol “Health Age. Işjeň uzak ömür” atly IV Halkara kongresinde eden çykyşynda aýtdy.
Onuň belleýşi ýaly, pandemiýa döwründe dünýäde ömür dowamlylygy 72,5 ýaşdan 71 ýaşa çenli azaldy, bu azalma 1950-nji ýyldan bäri ilkinji gezek boldy.