Berkarar döwletimiziň täze Galkynyş eýýamy döwründe ýurdumuzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.

Döwlet baştutanymyzyň parasatly başlangyjy bilen durmuşa geçirilýan Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzy gür baglyga öwürmek boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Mekdep okuwçylaryna tebigaty goramaga söýgini döretmekde maglumatlar ýerli ýagdaýlar bilen baglanyşdyrylyp düşündirilende has täsirli bolýar. Her ýyl bahar we güýz aýlary ildeşlerimiz mähriban ýurdumyzy bagy-bossanlyga, jennetli mekana öwürmek üçin bereketli topragymyza saýaly agaç nahallaryny oturdýarlar.

Bagyň bar ýerinde arassa howa bardyr. Tebigy arassaçylyk bolsa, ynsan saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Biz hem şundan ugur alyp okuwçylar bilen bilelikde mekdebimiziň howlusynda pürli we saýaly agaç nahallaryny oturtdyk we gülleriň dürli reňkli görnüşlerini hem ösdürip ýetişdirýäris.

Bu işleriň esasynda hem biz mugallymlar, okuwçylara tebigy gurşawy gorap saklamaga we tebigatymyzy goramaga söýgini döretmekde tebigaty öwreniş dersinde hem beýan edýäris.

Alnyp barylýan bu işler çagalarda tebigat bilen baglanşykly gözellik duýgularyny döretmekde uly täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn.

Ýyldyzhan Ilhamowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit( oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyñ 1-nji ýyl talyby.