20-nji noýabrda Waşingtonda Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda
Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy
geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň
saýty habar berýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda
amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa
ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells
wekilçilik etdi.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri
babatynda pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň
arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine we häzirki ýagdaýyna
seretmek üçin syýasy geňeşmeleriň işiniň netijeliligini gazanmagyň möhümdigini
bellediler.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy geljekde has-da
ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
