Häzirki wagtda energetika meselesi iň möhüm ählumumy meseleleriň biri bolup durýar. XXI asyrda Ýer ýüzüniň ilatynyň sanynyň artmagy, ählumumy ösüşe mahsus meýiller, dünýäde täze ykdysady merkezleriň döremegi energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Energetika kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidi üçin ulanmak täze mümkinçilikleriň döredilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagynyň girewine öwrülip biler.
2004-2013-nji ýyllarda Ýewropa Bileleşiginde energiýanyň täzeden üsti doldurylýan çeşmeleriniň hasabyna öndürilýän elektroenergiýanyň paýy 14 göterimden 25 göterime çenli ýokarlanýar. Germaniýada bolsa 2018-nji ýylda energiýanyň täzeden üsti doldurylýan çeşmelerinden 38 göterim elektroenergiýa öndürilipdir. Şeýlelik-de, sarp edilýän energiýa serişdeleriniň, takmynan, 80 göterimine golaýy gazylyp alynýan baýlyklaryň paýyna düşýär. Geljekde uglewodorod çig maly – nebit we tebigy gaz dünýä ykdysadyýetiniň energetika bilen bagly bölegini üpjün edýän esasy serişde bolar. Uglewodorod serişdeleriniň halkara bazarlaryna iberilmegi örän möhüm ähmiýete eýe bolýar, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň häsiýetine we ugruna ýetirýän täsiri barha artýar.
Biziň ýurdumyz üçin hem energetika diplomatiýasy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Halkara syýasatynyň söz baýlygyna giren “energetika diplomatiýasyna” nähili düşünse bolar? Energetika diplomatiýa – munuň özi energiýa serişdelerini öndürmek, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça döwletimiziň milli bähbitlerini üpjün etmeklige gönükdirilen daşary energetika syýasatyny durmuşa geçirýän ýurdumyzyň daşary syýasy, daşary ykdysady we energetika pudak edaralarynyň amaly işidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 63-nji sessiýasynda Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň halkara derejesinde howpsuzlygyny üpjün etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi. Şol teklip boýunça mejlisde “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly rezolýusiýanyň dünýäniň 192 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde kabul edilmegi gozgalan meseläniň örän möhümdigine, aýratyn hem, dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi we häzirki döwrüň beýleki meseleleri bilen baglylykda juda wajyp şaýatlyk edýär. Türkmenistan gyzyklanýan ýurtlaryň we halkara guramalaryň tekliplerini nazara almak bilen energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça geljekki halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak baradaky ekspert toparyny döretmegi teklip etdi.
Äýgözel KÖMEKOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalar fakultetiniň 1-nji SDTTEHA A hünäriniň talyby.

RU












