Häzirki wagtda dünýäde esasy global meseleleriň biri hökmünde energetika howpsuzlygy meselesi ör-boýuna galýar. Energetika howpsuzlygy näme? Halkara Energitiki Agentliginiň berýän kesgitlemesine görä, energetika howpsuzlygy – munuň özi elýeterli bahalarda we bähbitli esaslarda energiýa serişdeleriniň üpjünçiligidir. Mundan başga-da, halkara bilermenleri energetika howpsuzlygy – munuň özi ykdysady ýagdaýlara görä gerek bolan we peýdalanyp boljak energiýanyň hili we möçberi baradaky ynamlylykdyr diýip belleýärler. Şu nukdaýnazardan döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn bir ugry hökmünde energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek orta çykýar. Ýurtlaryň daşary ykdysady syýasatynyň bir ugrunyň energetika ulgamy bilen baglanyşykly bolmagy bolsa energetika diplomatiýasynyň kemala gelmegine itergi berýär. Energetika diplomatiýasyna döwletiň daşary syýasy we ykdysady ulgamlarda milli energiýa bähbitlerini goramaklygyna gönükdirilen syýasaty hökmünde kesgitleme berilýär. «Energetika diplomatiýasy» bilen «energetika howpsuzlygy» biri-biri bilen baglanyşykly düşünjelerdir. Energetika diplomatiýasy adalgasy 1976-njy ýylda ylma girizildi. Bu düşünjäniň emele gelmeginde XX asyryň 70-nji ýyllarynda dörän energiýa çökgünligi aýgytlaýjy sebäp boldy. Häzirki wagtda halkara bilermenleri tarapyndan energetika diplomatiýasyna – energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we energiýa babatda milli bähbitleri goramakda döwletiň diplomatiki serişdelerden we gurallardan peýdalanmagy hökmünde kesgitleme berilýär. Dünýä energetika syýasatynyň we diplomatiýasynyň ulgamyny global, sebit, döwlet we korporatiw ýaly 4 derejä bölmek bolar. Şu nukdaýnazardan energetika diplomatiýasy geosyýasaty we ykdysadyýeti hem öz içine alýar.

Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerini öňde baryjy öndüriji we üpjün ediji ýurtlaryň biridir. Bu bolsa, energiýa çäginde halkara hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýasyna ygtybarly esasdyr. Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy üpjünçiliginiň wajyp we ählitaraplaýyn ugry diňe bir milli çägi gurşap almak bilen çäklenmän, eýsem, sebitleýin we dünýäniň ösüşini özünde jemlemegi ýöne ýerden däldir. Biziň ýurdumyz halkara bazaryna ygtybarly we durnukly energiýa göterijisini çykarmagy üpjün etmäge uly ähmiýet berýär. Energiýa netijeliligi we energiýa üpjünçiligi, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşmak bu işiň bir bölegi bolup durýar. Biziň ýurdumyz BMG-niň beýleki guramalary hem-de edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardyr we hyzmatdaşlygyň bu görnüşi bilen gyzyklanan ähli taraplar üçin işlerini düzgünleşdirer.

Dünýä derejesinde energetika howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleriň uly ähmiýete eýe bolmagy şu aşakdaky şertler bilen delillendirilýär:

– ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşinde energiýa serişdeleri, hususan-da, nebit we gaz esasy orny eýeleýär, ýöne ýurtlaryň käbirinde bu serişdeleriň bolmazlygy azyk, energiýa, ekologiýa babatyndaky meseleleriň has-da ýitileşmegine getirýär. Netijede, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini şertlendirýär;

– dünýäniň käbir sebitlerinde syýasy durnuklylygyň, umumy ykrar edilen kadalaşdyryjy halkara-hukuk mehanizmleriniň bolmazlygy, energetika düzüminiň kämil däldigi, turba geçirijileriň geografiýasynyň birugurly bolmagy halkara ýangyç serişdelerini ibermegiň häzirki ulgamynyň global ykdysadyýetiň iň gowşak ugurlarynyň biri bolmagyna getirýär;

– barha globallaşýan dünýäde kuwwatly döwletiň hem ýekelikde özüniň kepillendirilen howpsuzlygyny üpjün edip bilmek mümkinçiliginiň bolmazlygy energiýa babatynda ýeke-täk howpsuzlyk konsepsiýasynyň döredilmegini talap edýär.

Babakulyýewa Ülker,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Senagat balykçylygy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.