Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän bilim özgertmeleriniň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda, özgertmek boýunça amala aşyrylýan işleriniň barşynda bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak has möhüm bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça okuw sapaklarynyň üstünde işlemäge aýratyn üns berlip başlandy. Elektron okuw kitaplaryndan we okuw gollanmalaryndan ybarat bolan elektron bilim gorlarynyň uly toplumyny döretmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda elektron kitaphanalaryň döredilmegi bilim ojaklarynda elektron okalgalaryň döredilmegine giň mümkinçilik berdi. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar elektron okalgalarynda özlerine degişli elektron okuw gollanmalaryndan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar. Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak maksady bilen bilim ojaklarynda ähli kompýuterleri bir bitewi tora birikdirmek işlerini bu ulgamyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Sanly bilim ulgamy bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny hem işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň talyplary dünýäniň beýleki ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen özara tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar.
Bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi, ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!