Häzirki döwürde Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, döwletara gatnaşyklarynyň milli bähbitleriň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň sazlaşygyna esaslanýan täze görnüşini ýola goýýarlar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun berilýär. Bu topar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary kesgitleýär hem-de amatly şertleri döredýär. Söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa, bilim we saglygy goraýyş, öňdebaryjy tehnologiýalar, oba hojalygy we köpsanly beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Şu ulgamlarda tagallalaryň birleşdirilmegi has netijelidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparynyň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly, deňhukukly we ýokary derejedäki türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.
Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary ýokary derejede ikiçäk görnüşde türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.
Soňra, uly Kreml Köşgüniň Malahit eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy —«Dostluk» ordeni bilen sylaglamak hem-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda janlaryny gurban eden gahrymanlara sylag-hormatyň nyşany hökmünde Näbelli esgeriň guburynyň ýanyndaky Baky oduň öňünde gül sebedini goýdy.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Döwlet Tretýakow galereýasynyň häzirki döwrüň şekillendiriş sungatynyň eserlerinden düzülen bölümine baryp, geçen asyryň dürli döwürlerinde döredilen hem-de ekspoziýanyň esasyny düzýän sungat eserleri bilen tanyşdy.
Soňra Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny tamamlap, Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde rus tarapynyň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.
Mähri Orazowa
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby