Golaýda Gahryman Arkadagymyzyñ ,,Ömrümiñ manysy,, atly kitabynyñ peşgeş berilmegi halkymyzyñ ýürek buýsanjyny goşalandyrdy. Arkadagymyzyň jöwher payhasyndan dörän bu kitapda esasan hem türkmen ahlak kadalary we ýörelgeleri beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi ata-babalarymyzyñ däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowam edýänliginiñ subutnamasydyr. Şadiwanyñ ,,Ömrümiñ manysy,, diýip atlandyrylmagy çuññur many mazmuna eýedir. Sebäbi bu kitap mähriban Arkadagymyzyň öz manyly ömrüniň geçen uzak ýyllarynyň tejribesine daýanyp, ylmy garaýyşlar, çuňňur seljermeler esasynda ýazylan.

Kitap jemi 6 bölümden ybarat bolup, olar “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” ýaly bölümlerdir. Kitapda görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň halklary bilen dostluk köprüsini gurup gelýän türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar.

Hormatly Arkadagymyz ,,Ömrümiñ manysy,, atly täze kitabynda şeýle belleýär: ,,Taryhy-medeni mirasymyz gecmiş bilen şu güni baglanyşdyrýar, biziñ milli ýörelgelerimizde tutuş adamzat üçin bähbitli örän ajaýyp, asylly nusgalaryñ jemlelendigini görkezýär”. Kitabyñ haýsy bölümini okasañ-da, nakyllardan, tymsallardan yokary derejede peýdalanandygyna göz ýetirmek bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylda neşir edilen bu eser ýurdumyzyñ ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalaryny açyp görkezýän gymmatly eser bolup duryar.

Goý, ýurdumyzyñ, mähriban halkymyzyñ abraý-mertebesini äleme ýaýýan milli Liderimiziñ jany sag, başy dik, beýik işleri elmydama rowaç alsyn!

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyñ Gubadag etrabynyñ

 merkezi kitaphanasynyñ kitaphanaçysy.