Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. Diýarymyzda diňe bir ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen birlikde, türkmen medeniýetine hem-de sungatyna uly üns berilýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyplara şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleri boýunça bilim berilýär. Bu sungat ojagymyzda ýaş suratkeş talyplara bilim berýän mugallymlar yhlas bilen zähmet çekip, talyplaryň geljekde öz hünäriniň hakyky eýeleri bolmagy üçin aladalar edýärler.
2022-nji ýylyň iýun aýynyň 13-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň uçurym talyplarynyň diplom goragy Sergiler jaýynda nobatdaky açylyş dabarasy boldy. Bu diplom goraga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary gatnaşýarlar. Diplom goragda nakgaşçylyk we grafika ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkezildi. Ekspozisiýada, esasan, türkmen zenanlarynyň durmuşy, el hünärleri we gözel tebigatymyzyň gözelligini, bahar öwüşginlerini wasp edýän ajaýyp eserler ähmiýetli orun eýeledi.
Grafika kafedrasynyň talyplary Söhbet Gylyjowyň “Paýhas çeşmesi”, Merjen Bäşimowanyň “Magtymguly Pyragynyň goşgulary”, Gülşat Garryýewanyň “Nagyşlar dünýäsi”, Suraý Jumaýewanyň “Güýz gözelligi”, Mährijemal Çaryýewanyň “Gülşirin Hanowanyň goşgulary”, Dilaram Hojainowanyň “Maşgalam – baş galam”, Myratgeldi Nursähedowyň “Gurbannazar Ezizowyň “Gyzlaryma”, Rejep Garaýewiň “Watanymyň oba durmuşy”, Ýakup Nurmyradowyň “Kerim Gurbannepesowyň “Oýlanma baýry”, Maýsa Amandurdyýewanyň “Ene mähri”, Bahar Tekebaýewanyň “Ýaşyl dünýä – meniň öýüm” ýaly grafika eserleri tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny artyrdy.
Ýakup Nurmyradowyň “Kerim Gurbannepesowyň “Oýlanma baýry” atly kitabynyň çeper bezegine ýüzlenipdir. Taslama dört bölekden ybarat bolup, grafikanyň tuş tehnikasynda ýerine ýetirilipdir. Bu diplom işinde Watana bolan wepalylyk, parahatçylyk, gelin-gyzlarymyzyň gözelligi, iş başarjaňlyklary, zähmet çekişlerini suratlandyrypdyr. Bu eserde oba durmuşy janlanyp, säher bilen Günüň dogşy, gelin-gyzlaryň düýe sagmaga çykyşy beýan edilýär. Bu eseriň birinji meýilnamasynda güler ýüzli, myhmansöýer türkmen gelin-gyzlarynyň keşbi we özboluşly Garagum sährasynyny ýatladýan başy seleňläp ösüp oturan ojarlar görkezilen. Yzky meýilnamasynda çopanyň goýun bakyp ýörşi, Garagumyň bezegi bolan çäge depeleri haly nagyşlaryň üsti bilen suratlandyrypdyr.
Merjen Bäşimowanyň “Magtymguly Pyragynyň goşgulary” atly eseriniň ýygyndysy sergilenip görkezildi. Onda türkmen gelniniň öz çagasyny mähir berip duran pursady şekillendirilýär. Ýaş enäniň sallançakdaky ýatan çagany mylaýym hüwdüsine uklaýar. Suratkeş hüwdüniň owazyny jadyly äheňde beýan edip, çagaly gelniň daş -töwergini owadan nagyşlaryň şekilleri bilen gurşap alýar. Enäniň aýdýan aýdymy çagany rahatlandyrýar we ähli dünýäni erteki hökmünde suratlandyrýar. Suratkeş bu ýerde enäniň mukaddes mährini görkezýär. Ene öz çagasyna hemme zatdan goramak üçin birnäçe kynçylyklary görýär, ýöne hemme zady öz çagasyna bildirmeýär, özi geýmän geýdirýär. Goşguda Magtymguly Pyragy ene-atanyň çagasyna bolan çäksiz söýgüsini görkezýär. Bu eser tuş, pero usulynda ýerine ýetirilen. Eser örän pelsepewi häsiýete eýe bolýar we onda zenan dünýäsi has ýokarlandyrylýar. Türkmen zenanynyň keşbi has belende galdyrylyp, gün kimin sallançakdaky çagasyny özüniň mähri, söýgüsini we ýylysyny çoýup durşy suratlandyrylýar. Sallançakdaky gyzjagazyň ýatan pursady görkezilýär. Eser örän asuda we parahat, şonuň bilen birlikde çuňňur mazmunly. Ownuk ştrihleriň düzümi ussatlyk bilen ýerine ýeten temanyň çözgüdi tomaşaçyny haýran galdyrýar.
Magtymguly Pyragynyň “Meňzemez” atly goşgusynda öz göwün berip söýen ýary Meňliniň keşbi görkezilýär. Suratkeş Meňliniň keşbine aýratyn çeperçilik gözelligini inçe ştrihleriň üsti bilen açyp görkezýär. Meňliniň her bir türkmen zenanyna mahsus bolan aýratyn bir özboluşly owadanlygy bar. Suratkeş inçelik bilen tomaşaça mahsus şekilde Meňliniň näzik durkuny görkezip bilipdir.
Gülşat Garryýewanyň diplom işi “Nagyşlar dünýäsi” diýip atlandyrylýar. Eserde gadymy döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan şu güne çenli bize miras galan el hünärlerimizi gelin-gyzlarymyzyň ýerine ýetirip oturan pursady taslamanyň aýry böleginde açyp görkezmäge çalşypdyr. Şeýle-de gyzlaryň näzikligi güllere meňzedilip, taslamanyň her böleginde ýerleşdirilýär. Taslamanyň yzky meýilnamasynda çarhypelek ýaly aýlanýan tegelekde nagyşlaryň sazlaşygynyň üsti bilen milligimizi, geçmişden geljege nazarlaýan uly ösüşleri yzarlaýan Watanymyzyň gözelliklerini suratkeş öz eserinde görkezip bilipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe grafika sungaty batly ösüşler bilen öňe gidýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň şekillendiriş sungatyny ösdürmek baradaky giň mümkinçilikleriň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“ Amaly-haşam sungaty fakultetiniň”
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyby
Öwezowa Şirin