Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini beýan edýärler.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine alýar, munuň özi bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm orun degişli bolan söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär. Ynsanperwer ugurlar, bilim we ylym, medeniýet hem-de sungat ulgamlary boýunça däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.

Russiýanyň iri sebitleri bilen ýola goýlan ykdysady, işewür we medeni gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellemek gerek. Bularyň ählisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleri Türkmenistanda milli ykdysadyýetiniň köpugurly esasda ösdürilmegine, täze, ýokary girdejili, eksport ugruny nazarlaýan önümleri öndürýän pudaklaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Taraplaryň birek-birege ynanyşmagy, özara düşünişmegi duşuşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Munuň özi deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda, geçen ýyllaryň tejribesini we döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak arkaly ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini kesgitlemek üçin möhüm binýady kemala getirmäge bolan umumy we ylalaşykly çemeleşmeleri taýýarlamagy şertlendirýär.

Senemgül ALLAKOWA

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby