Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleriniň nobatdaky goragy geçirildi. Beýleki hünärlerde bolşy ýaly “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” we “Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi” hünärlerinde düýpli bilim alan talyplaryň diplom işleriniň açyk goraglaryna medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.

Türkmen halky taryhda dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigine ýurduň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki wagtda olar Türkmenistanyň hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän alymlar tarapyndan öwrenilýär. Taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerinde gazuw-agtaryş wе abatlaýyş, rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar. “Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi” hünäriniň uçurymlary Medetkär Işangulyýew, Azady Muhammetnurow we Hekimguly Mustafaýew hut şu mesele bilen baglanyşykly türkmen binagärlik taryhynyň naýbaşy ýadygärliklerinden bolan XV asyr bilen senelenýän halk arasynda «Seýit Jemaleddin metjidi» ady bilen tanalýan taryhy-medeni desganyň rejelenen görnüşiniň uly göwrümli dioramasyny ýerine ýetirdiler. Diplom işinde bar bolan maglumatlar we taryhy çeşmeler, alymlaryň taryhy desga bilen baglanyşykly garaýyşlary öwrenilip ýadygärligiň takyk keşbini görkezmegi başarypdyrlar. Bu uly göwrümli makediň umumy ölçegi 3×7 metre deň bolup döwrebap tehniki usullar we serişdeleriň kömegi bilen ýasalypdyr. Mähri Allakulyýewa, Aganazar Babanazarow, Ahmet Orazmämmedow, Enejan Allanazarowa ýaly talyplar bolsa “Abu Seýidiň aramgähi” (Mäne baba), “Abul Fazl” ýaly taryhy ýadygärlikleriň rejelenen görnüşleriniň maketlerini ýerine ýetirip diplom işlerini goradylar.

Bu kafedranyň “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” hünärinde bilim alan ýaşlar bolsa esasan döwrebap binagärlik taslamalary bilen çykyş etdiler. Olardan Pena Nurgeldiýewiň “Milli sungatyň senetçilik merkezi”, Kemal Güýjowyň “Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi”, Guwanç Saparowyň “Galkynyş” söwda merkeziniň taslamasyny, dünýä binagärlik ülňülerine gabat gelýän ajaýyp ugurlar boýunça taslamalar arkaly diplom işlerini goradylar. Elbetde, şeýle döredijilikli zähmet ýokary baha mynasyp bolup ýaşlaryň Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gidýändikleriniň ýönekeýje mysalydyr. Elbetde ýaşlaryň şeýle buýsandyryjy döredijilikleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň täze hünärmenleri taýýarlamakdaky üstünliklerine guwanmaga haklydygyny görkezýär.

 

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy

Bagtygül Hojageldiýewa