17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Tagtabazar etrabynyň gallaçy-kärendeçileriniň bugdaý tabşyrmak boýunça Watan öňündäki ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ussat kärendeçi-daýhan Atageldi Ärnyýazowyň kärende ýeriniň ýanynda saklandy.
Döwlet Baştutanymyz kärendeçi bilen görşüp, onuň gündelik işleri, ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, şeýle hem maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Soňra kärendeçi hormatly Prezidentimizden galla oragyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýdan bir desse orup, täze hasylyň oragyna ak pata berdi hem-de daýhana bol hasyl almagy arzuw etdi.
Biraz wagtdan soň döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Mary şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän welaýatyň baş metjidiniň — Gurbanguly hajy metjidiniň öňündäki meýdança geldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen salamlaşyp, ýaşulular bilen Gadymy Merwiň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Mary şäheriniň binagärlik toplumynyň hakyky bezegine öwrülen metjidiň içine girdi.
Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagy, beýik tutumlarynyň rowaç almagy barada dileg edip, doga okady.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we awtoulagda “Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda gurlan köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Arkadagly Serdarymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesdi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sadakasyna gatnaşdy.
Toý sadakasy tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny alamatlandyrýan beýik üstünlikler hem-de şanly wakalar bilen ýene bir gezek gutlap, dabara gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza hoşniýetli arzuwlar bilen ýüzlendi.
Soňra Arkadagly Serdarymyz täze binadan çykyp, Mary welaýatynyň häkimine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy we ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we olara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Nurýadgdy Aşurow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

RU












