Lebap welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze desga türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjy» dünýä döwletlerine, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna eksport etmekde uly ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar uly şatlyk-şowhun, aýdym-sazlar bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlaryny açyp görkezýän sergini synlady. Soňra dabaralar bu ýerdäki maslahat binasynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiziň dabarada eden çuňňur manyly çykyşy üns bilen diňlenildi Dabaranyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Soňra wakalar «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilmiň görkezilmegi arkaly dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliniň haýyş etmegi bilen, düwmä basyp, bekediň işine ak pata berdi.
Soňra, teleköpri arkaly Çärjewdäki gaz turbinaly elektrik stansiýasyny we welaýatyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy ― Zerger gaz geçirijisiniň işine ak pata berdi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy beketden teleköpri arkaly döwlet Baştutanymyzdan Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin niýetlenen Üçajy —Zerger gaz geçirijisini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiziň rugsady bilen gaz geçirijiniň işine badalga berildi. Hünärmen açyp-ýapyjyny açmak arkaly tebigy gazy akdyrdy.
Täze gaz geçirijiniň geçen ýylda açylyp ulanmaga berlen gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň iş güýjüni has-da artdyrjakdygyny nygtamak gerek.
Geçen aýda «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynda öndürilen elektrik energiýasy 104 million 436 müň 460 kilowat sagada barabar boldy. Bu ýerden Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasy eksport edilýär.
Akat Jummanow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby