Xiaomi kompaniýasy adaty bolmadyk jübi kitabynyň täze görnüşini – Moaan InkPalm Plus hödürledi. Enjam elektron kitapda bolmalysy ýaly, E-Ink tehnologiýasy boýunça ýerine ýetirilen ekrany aldy.
Enjamyň ekran ölçegi 5,84 dýuým, şol bir wagtyň özünde ol gara hem-de ak reňkli we 1440 x 720 piksel durulykda. Onuň 24 derejeli arka yşyk we reňk temperaturasyny sazlaýjysy bar. Sensorly multitaç-dolandyryjynyň girizilmegi hem onuň gyzykly aýratynlyklarynyň biridir.
Moaan InkPalm Plus, dört ýadroly Rockchip RK3566 çipine esaslanýar. Şeýle hem, elektron kitapça 2 Gb operatiw ýad we 64 GB hemişelik ýat aldy. Enjamyň batareýasynyň kuwwaty 2200 mAh bolup, bir gezek berilen zarýadda 30 gün töweregi işlemäge mümkinçilik berýär.
Täzelik Android dolandyryjylygynda işleýär. Şeýle hem, onuň Wi-Fi 5 we Bluetooth 5.0 adapterleri bar.