Uçýan äpet reptilýalaryň daşa öwrülip giden galyndylary Argentinada tapyldy diýip, Daily Mail habar berýär. Juda uly ölçegleri we eýmenç görnüşi üçin reptillere alymlar “Thanatosdrakon amaru” diýip at berdiler. Birinji söz göni manyda “ölüm drakony” diýip terjime edilýär, ikinjisi bolsa Inkleriň mifologiýasyndan uçýan ýylanyň adydyr.
Ganatlarynyň gerimi bilen bilelikde 9 metrden gowrak bolan bu haýwanyň beýikligini häzirki zaman uly žiraflaryň boýy bilen deňeşdirmek bolýar. Reptiliýalar aw awlamak üçin ganatlaryny ulanan ilkinji ýyrtyjylardan biridir.
Ilkinji gezek “ölüm drakonynyň” galyndylary 2012-nji ýylda And daglaryň gaýalarynda tapyldy, emma şu wagta çenli gözlegçiler olaryň kime degişlidigini anyklap bilmediler. Dikeldiş işleri we derňewler süňklere 86 million ýyldan gowrak wagt bolandygyny görkezýär, bu bolsa jandaryň dinozawrlaryň ýanynda ýaşandygyny aňladýar.