Alymlar pomidor genomyny CRISPR tehnologiýasy arkaly redaktirlediler we ýapraklaryna çenli D witamini bilen doýýan önüm aldylar.
Bu gök önümiň içi we gabygy genetiki taýdan üýtgedildi we onuň düzümindäki witaminiň mukdary iki ýumurtga ýa-da 28 gram tunes balygyň düzümindäki D witaminiň mukdary bilen deňdir. Ultramelewşe şöhlesiniň bir sagadyň dowamynda edýän täsiri prowitaminleri aňsatlyk bilen D3 witamine öwrdi.
Alymlar dünýäde bir milliard adamyň D witamini ýetmezçiliginden ejir çekýändigini anykladylar. Genomy redaktirlenen pomidorlaryň iýilýän ýapraklarynyň bir gramynda 600 mikrogram D3 witamin bar. Bu ulular üçin maslahat berilýän gündelik derejäni 60 gezek artdyrýar. Şeýle-de bolsa, gözlegçiler adamlara pomidor ýapraklaryny onuň içi bilen birlikde iýmegi maslahat bermeýärler: ýapraklary, mysal üçin wegetarian D3 witamini goşundylary üçin ýasamak üçin ulanylyp bilner.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Baýrammyradowa Tawus