Bu ähtimal, adam saglygyna we global klimata täsir edip bilýän trioksidlerdir.

Wodorod peroksidi – giňden ýaýran himiki birleşme. Ähli peroksidleriň biri-birine bagly iki kislorod atomy bar. Soňky ýyllarda, biri-birine bagly üç sany kislorod atomy bolan himiki birleşmeler bolan trioksidleriň, atmosferada bar bolup biljekdigi baradaky çaklamalar bar. Ýöne şu wagta çenli munuň subutnamasy ýok.

Häzirki wagtda bolsa, alymlar atmosferada trioksidleri tapmagy başardylar. Onuň oksidleýji häsiýetlere eýe bolanlygy sebäpli, alymlaryň entäk öwrenmeli,has dogrusy birnäçe täsirleri bolup biler. Gözleg topary, şeýle hem trioksidleriň saglyga howp döredip, dem alyş we ýürek-damar kesellerine sebäp bolup biljekdigine çaklaýarlar.