Alymlar topary wagtlaýyn kardiostimulýatoryň täze görnüşini döretdi – ol aýyrmagy talap etmezden özbaşdak bedende eräp gidýär, bu barada Science žurnalynda çap edilen täze gözlegiň netijesinde aýdylýar.

Inçe, çeýe enjam doly bioylalaşykly ýaly edip döredildi, ýagny onuň düzümindäki bölekleriň hiç biri bedende zäherli ýa-da immun reaksiýasyny döretmeýär. Şeýle hem, onuň işlemegi üçin batareýalar ýa-da simler gerek däl. Mundan başga-da, ol birnäçe hepdäniň dowamynda biýologiki suwuklykda eräp gidýän,suwda ereýän metallar we beýleki komponentler bilen biorezorbir edildi.

Mundan başga-da, topar öz döreden kardiostimulýatoryna goşmaça aýratynlyklar goşdy. Bu işiň awtory biomedisina inženerçilik professory we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň lukmançylyk professory Igor Ýefimowyň sözlerine görä, häzirki wagtda elektrokardiostimulýator “göterilýän enjamlaryň doly integrirlenen ulgamy” bilen üpjün edilýär.

Selbi AMANSÄHDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 301-nji toparyň talyby