Käbir hünärmenleriň pikiriçe, D witamini goşundylary süňkleriň dykyzlygyny ýokarlandyrýar we osteoporoz howpuny peseldýär. Şeýle hem D witaminiň gandaky pes derejesi bilen garrylyk döwründäki depressiýa töwekgelçiliginiň arasynda baglanyşyk bar.
BMJ-de neşir edilen gözlegiň netijesi, D witaminiň ýokary derejesiniň erkeklerde we aýallarda rak keseliniň käbir görnüşleriniň 20 göterim azalmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Beýleki gözlegler bolsa, D witaminiň pes derejesi bilen ýokary gan basyşynyň ýokarlanmagy, şeýle hem gipertoniýa töwekgelçiliginiň arasyndaky baglanyşygy görkezdi. Şeýle hem Eat this, not that žurnaly, goşundynyň immunitet üçin peýdalydygyny ýazýar
D witamini özbaşdak kabul edip başlamaly däldigini belleýärler. Lukman bilen maslahatlaşmaly we zerur derňewleti geçirmeli. Belkide sizde D witamini ýetmezçiliginiň ýoklugy we ony iýmit goşundysy hökmünde kabul etmek hökman däl bolup biler.
Enehan REJEPBAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 203-nji toparyň talyby