Russiýaly alymlar topary Ýewropadaky kärdeşleri bilen bilelikde kosmosda uzak wagtlap bolmaklygyň, beýnimizdäki baglanyşyklara täsir edýändigini görkezýän gözleg geçirdiler.
Şular ýaly netijä gelmek üçin maglumatlar toplumy hökmünde 12 sany kosmonawtyň diffuziýaly magnetoensefalograf bilen alnan beýni şekilleri hyzmat edýär. Şol bir wagtyň özünde, bu suratlar 3 aýdan gowrak dowam eden kosmos uçuşlarynyň öňünden we soňundan düşürildi.
Netijede hünärmenler, başgalara garanyňda uzak wagtlaýyn dowam edýän kosmos ekspedisiýalarynyň beýniniň ak maddasynyň we neýronlaryň arasyndaky baglanyşyklaryň deformasiýasyna sebäp bolýandygyny anykladylar.
Bular bilen bilelikde, Broka zolagynda we Wernikanyň töwereginde ýerleşýän gabarçakly jisimde, zolakly jisimde, barada we neýronlar toplumynda hem üýtgeşmeler bolup geçýär.
Ogulşirin ROZYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 204-nji toparyň talyby