Käbir alymlar biziň älemimizde agyrlyk güýjüne täsir edýän göçürme dünýäsiniň bardygyna ynanýarlar.
Üç sany gözlegçi öz netijelerini Physical Review Letters žurnalynda çap etdiler. Olaryň gipotezasynyň, älemiň giňelmegi üçin koeffisiýent bolan hemişelik Hubble problemalaryna esaslanýandygyny aýdýarlar. Bu konstantlar üçin çaklamalar hakykata laýyk gelmeýär we alymlar gapma-garşylygyň nämä sebäp bolýandygyny anyklamaga synanyşýarlar.
Gözlegçiler munuň sebäbini, biziň entek göçürme dünýämiziň bolup biljekdigini öňe sürdüler. «Göräýmäge bu örän geň ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne şeýle aýna dünýäleri fizika baradaky ýazgylarda köp suratlandyrylýar» diýip alymlar bellediler. Şeýle dünýä biziň dünýämize diňe agyrlyk güýji bilen täsir edip biler we Hubble üýtgewsizligini kesgitläp biler.
Mähriban PIGAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 205-nji toparyň talyby