Нünärmeniň sözlerine görä, sebäpler köp sanly bolup biler. Olaryň köpüsi somatika bilen baglanyşykly, ýöne ýakymsyz duýgular ýa-da ýiti agyry psihologiki kynçylyklar ýa-da dowamly stres sebäpli döräp biler. Lukman, çynlakaý kesellere ýeterlik diagnoz goýmak üçin ähli alamatlary öwrenmegiň zerurdygyny aýdýar.
Arka agyrylaryny ýeňip geçmek üçin lukman, aram fiziki işjeňligi ýerine ýetirmegi, türgenleşikden öň el-aýagyňy ýazmaklygy we lukmana yzygiderli baryp görünmegi maslahat berdi.
«Arka agyrysynyň köp sanly sebäbi bolup biler. Bular şikesleriň netijeleri, agyr iş sebäpli bogun birleşdiriji damarlaryň we myşsalaryň süýnmegi, oňurga patologiýasy, oňurga kanalynyň daralmagy, bogun keselleri we hatda metabolik bozulmalar ýaly sebäpler bolup biler. Mundan başga-da, az hereketli gündelik durmuş ýörelgesi, aşa agram we gipotermiýa agyrylary güýçlendirip biler»-diýip lukman gürrüň berdi.
Abadan ÇASEMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 115-nji toparyň talyby