Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, 27-nji noýabrda
Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler
maslahaty geçiriler. Duşuşyga nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, dokma we azyk
senagatlarynda, senagat harytlarynyň önümçiliginde, gämi gurluşygynda,
şeýle hem kommunikasiýa, syýahatçylyk, söwda, maýa goýum, bank ulgamy
ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen döwlet düzümleriniň, kompaniýalaryň wekilleri
gatnaşarlar.
Forumyň dowamynda bahreýn tarapyny Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň
esasy ugurlary, öňdebaryjy pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli
taslamalar bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem onuň gün tertibine
döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler.
Çäräniň deslapky maksatnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklary
geçirmek we birnäçe kärhanalara, senagat toplumyna baryp görmek göz
öňünde tutulýar.
Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Bahreýn Patyşalygy bilen gatnaşyklary
ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biziň ýurtlarymyz
sazlaşykly ösýän we tebigy serişdelere baý hem-de amatly geografik ýagdaýyna
eýe bolan döwlet hökmünde milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda özara
peýdaly gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir diýip,
döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.
Bar bolan mümkinçilikleri doly amala aşyrmagyň zerurdygyny belläp, döwlet
Baştutanymyz işewür duşuşyklaryň yzygiderli esasda geçirilmelidigini aýtdy.
Öňde boljak türkmen-bahreýn işewürler maslahaty döwletara gatnaşyklaryň
okgunly ösdürilmegine, maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegine, iki
ýurduň telekeçi düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola
goýulmagyna gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi we çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün
etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.