Özbaşdak energiýa alýan akylly ýassyk baradaky ideýa alymlaryň triboelektrik nanogeneratorlary kömegi bilen, gijelerine hereketleri yzarlaýan we energiýa ýygnaýan uky gözegçilik ulgamlary boýunça alyp baran işlerinden gelip çykýar.

Ýassyk, kelle hereket edende elektrik toguny döredýän çeýe gözenekli polimer triboelektrik gatlaklaryndan durýar.

Synag adam kellesiniň gan basyş paýlanyşyny, onuň ýagdaýynyň üýtgände yzarlap bilýändigini görkezdi. Ulgam, hatda ýassygyň ýüzüne harplar çekýän barmagyň hereketini hem yzarlamak üçin ýeterlik duýgur bolup çykdy.

Alymlar ony boýnunda kemçilikleri bolan näsaglara gözegçilik etmek üçin hem ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar.

Gurbanbibi ORAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.