18-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi jemlendi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny «Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymaty: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly tema bagyşlanylyp, onda ýarym final tapgyryndan üstünlikli geçen sekiz sany okuwçy özara bäsleşdi. Çekeleşikli ýagdaýda geçen final oýnunyň netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow baş baýraga we göçme kuboga mynasyp boldy.  Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy  Şasenem Meýlisowa hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew dagy hem aýgytlaýjy oýunda mynasyp gatnaşyp, tapawutlanmagy başardylar.

Final oýnundan soň Halkara gatnaşyklary institutynda ýörite dabara guralyp, onuň çäklerinde  ýeňijiler, şeýle-de ähli gatnaşyjylar hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, degişli şahadatnamalar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.