Ol şeýle ýagdaýda gyzgyn düşüriji serişdeleri kabul etmeli däldigini olaryň, ýagdaýy agyrlaşdyrmagyna we kynçylyklara sebäp bolup biljekdigini duýdurdy. Gün uran adama kömek etmek üçin oňa salkyn suw sepmeli, ýelpewajyň ýanynda oturtmaly. Boýnuna we goltuklaryna sowuk kompress goýmaly.
Mundan başga-da, Gün urmasynyň öňüni almak üçin käbir maslahatlar bar. Ýeňil giň eşikleri we kellä geýilýän zatlary geýmeli, gyzgyn awtoulagda durmazlyga çalyşmaly, öýlerde ýelpewaç ýa-da kondisioner gurnamaly.
“Gaty işjeň bolmaň we maşk wagtlarynda arakesmä çykyň. Ýeterlik derejede suwuklyk içiň, şol bir wagtyň özünde natriý, kaliý, magniý duzlaryny öz içine alýan suwlaey ýygy-ýygydan kabul edilmegi maslahat berilýär. Ýöne gysga wagtyň içinde özüňize aşa köp suw içmeklige mejbur etmäň. Bug zyýanly bolup biler “-diýip, terapewt maslahat berdi.