Hytaý kömür bilen işleýän elektrik stansiýalarynyň köpüsiniň energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyna mümkinçilik berýän täze ýol kartasyna görä, 2026-njy ýyla çenli ýel we Gün kuwwatyny iki esse artdyrmagy maksat edinýär.

Mundan öň, daşky gurşawy hapalamak boýunça dünýäde iň uly sebit bolup duran Hytaý Pariždäki klimat boýunça ylalaşygyň çäklerinde, öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin 2030-njy ýyla çenli ýel we Gün energiýasyndan iki esse köp peýdalanmalydygyny çaklapdy.

Emma Pekin soňky aýlarda kömür bilen işleýän elektrik stansiýalaryna bolan baglylygyny artdyrdy.

Ýurduň merkezi ykdysady meýilnamalaşdyryşynyň çap edilen resminamasynda 2026-njy ýyla çenli, milli energiýa ulgamyny üpjün edýän elektrik energiýanyň 33 göterimi gaýtadan dikeldilen çeşmelerden geler.

Rejepgulyýew Muhammetoraz
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 107-nji toparynyň talyby