Täze bir zat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzdan soň, biziň beýnimiz gysga okuw döwründen peýdalanmaga synanyşyp biler. Alymlar okuwyň bu görnüşini doly düşünilmedik ýa-da gizlin diýip atlandyrýarlar.
Gözlegçiler topary 438 uly ýaşly meýletinçileriň gatnaşmagynda bäş dürli synag geçirdi. Alymlar, nätanyş hyýaly jandarlar bilen gatnaşyjylary tanyşdyrmak üçin ýörite kompýuter oýnuny ulandylar olar käbir ýagdaýlarda iki kategoriýa bölündi. Başlangyç etapda meýletinçilerden ekranyň çep tarapyndaky gyzyl çyzykdan ýa-da sag tarapdaky gök çyzykdan bökýän jandara mümkin boldugyça çalt reaksiýa bildirilmegi haýyş edildi. Gatnaşyjylar, jandarlarlaryň bökýän tarapynyň hemişe öz kategoriýalaryna deň gelýändigini bilmeýärdiler.
Biraz wagt soňra, başlangyç etapda nätanyş jandarlara duşan adamlaryň, kategoriýalary, has çalt öwrenip bilendikleri ýüze çykdy. Şeýle hem soňra, olar okuwa bolan has ýokary ukybyny görkezdiler.