La-Manş bogazyndaky Uaýt adasynda ozal näbelli dinozawryň süňkleri tapyldy. Ol taryhdan öňki Ýewropada iň uly ýyrtyjy bolsa gerek.
Galyndylaryň ýaşy 125 million ýyl. Olaryň analizleri bolsa, süňkleriň uzynlygy 10 metrden geçýän ullakan haýwana degişlidigini görkezdi. Bu haýwan krokodil görnüşli äňi bolan iki aýakly ýaşerlere, spinozawridlere degişlidir. Ondaky konus görnüşli dişler suw haýwanlaryny awlamak üçin amatly bolupdyr.
Bu täze görnüşe “ak gaýalaryň spinozawridi” (White Rock Spinosaurid) diýip öňünden atlandyrdylar. Alymlar bu tapyndynyň, häzirki Günbatar Ýewropada spinozawridleriň peýda bolandygyny we ondan soňra dünýäniň beýleki sebitlerine ýaýrandyklarynyň subutnamasy bolup biljekdigini aýdýarlar.
Jumakow Babamyrat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.