Täze MIJIA lampasy Güne öýkünýän oýanma ulgamyny aldy. Enjamda günüň dowamynda günüň dogmagy we gün ýaşmagy sikline öýkünip bilýän 198 sany diod lampasy bar. Şeýlelik bilen, gün ýaşan wagtynda, enjam gün ýaşamagyna öýkünýär, çyranyň yşyklaryny ýuwaş-ýuwaşdan öçürip we doly uka gitmek üçin şert döredip bilýär. Gün dogýan wagtynda, akylly lampa ýuwaş-ýuwaşdan çyrany ýakmak üçin janly sagatdan takmynan 30 minut öň işjeňleşýär.
MIJIA lampasy ýoga sapaklaryna kömek hökmünde hem ulanylyp boljakdygy bellendi. Ulanyjylar enjamyň ritmleri bilen birlikde sinhron ýagdaýda gündeki ulydan dem alyşlaryny ýerine ýetirip bilerler. Täze önümleriň bahasy 599 ýuan.
Serdar ORAZSEÝIDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 207-nji toparyň talyby