Alymlar gorag aýratynlyklary bolan materiallaryň lukmançylyk bilen birlikde dürli pudaklarda zerurdygyny düşündirdiler. Gözlegçiler diňe bir zyýanly serişdeleri saklamak bilen çäklenmän, olary ýok edip biljek mata ýasamak islediler.

Ilki bilen alymlar materialyň düzümine, organofosfor pestisidleri we mikroskopik kömelekleriň ýaşaýyş ukyply önümlerini (mikotoksinler) öz içine alýan, birnäçe toksinleri gidrolizlemek ukyby bolan (we şonuň bilen zyýansyzlandyryp bilýän) fermentleri girizdiler.

Soňra gözlegçiler materiala antibiotikleri hem goşdular. Netijede, işläp taýýarlanan matada mikroblaryň we toksinleriň doly ýagdaýda diýen ýaly ýok edilmegine ýetdiler.