Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ösüş ýolunyň tapgyrlaryny taryhda yz goýan halypa suratkeşleriň döredijiliklerini öwrenmek, wagyz etmek kitapçalary taýýarlamak sungaty öwrenijileriň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň ösüşini, täzeligini wagyz edýän sungat eserlerini halka ýetirmek we ähmiýetini ýüze çykarmak maksady bilen 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýilip yglan edilmegi mynasybetli sungaty öwrenijileriň gatnaşmagynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň dabaralanmagyny suratlandyrýan we şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň parahatçylygy wasp edýän döwrebap çeper döredijiligini açyp görkezmek, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýagşy häsiýetleri özünde jemleýän çeper eserleri ýüze çykarmak maksady bilen taýýarlanan sungat nazaryýetine degişli ylmy we döredijilik işleriniň “Halkyň Arkadagly zamanasy sungat nazaryýetinde” atly bäsleşigi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler jaýynda dabaraly ýagdaýda jemlendi.
Sungaty öwrenijileriň arasyndaky bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we uçurymlary ýeňiş gazandylar. Baş baýraga Döwletmyrat Durdyýew, birinji oruna Nurýagdy Ýagşymyradow, ikinji oruna Azat Annaýew, Döwran Moýtyýew, Ada Gutlyýew, üçünji oruna Guwanç Mämiýew, Baba Guldurdyýew, Bahar Magtymowa ýeňiji bolup, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de tapawutlandyrylan sowagtlara we hormat hatlaryna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary mynasyp boldular. Ýeňijiler türkmen şekillendiriş sungatyna degişli birnäçe ylmy makalalary we suratkeşlere bagyşlanan kitapçalary bilen çykyş etdiler. Türkmen sungatynda gazanylan üstünlikler sungaty öwrenijileriň işlerinde ähmiýetli sahypalar bolup galdy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
mugallymy Jemal Toryýewa