Finlýandiýanyň gözlegçiler topary, çagalaryň irki ösüş döwründe, hereket ediş ukybyna baha bermäge mümkinçilik berýän akylly kombinezon döretdi. Ol MAIJU (Motor Assessment of Infants with a Jumpsuit) diýen ady aldy. Bu geýimde birnäçe hereket datçikleri bar.

Alymlar, kombinezony 5 aýlykdan 19 aýlyga çenli çagalarda barlap gördüler.Barlagyň başynda çagalaryň duruşy we hereketi wideo ýazgylary görmek arkaly anyklandy. Ondan soň bu maglumatlar çaganyň özüni tutuşyny kesgitleýän, awtomatik öwrenmäge esaslanan, algoritmi öwrenmek üçin ulanyldy.

Gözlegçiler, öz işleriniň hassahananyň ýa-da ýörite laboratoriýanyň çäklerinde çagalaryň motoriki ösüşine baha berip bolmagy amümkindigini görkezýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde nerw ulgamynyň ösüşindäki gijikdirmeler we onuň bilen bagly meseleler näçe ir ýüze çykarylsa, çaganyň saglygyna kömek bermek şonça gowy bolar.

Maral ALLABERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.