ABŞ-nyň iň uly onlaýn dükanynyň wekilleri Kaliforniýanyň Lokford şäherinde harytlary dronlar bilen iberilip başlandygyny habar berdiler.
Amazondakylar adaty bolmadyk ýük daşamaklygyň “müňlerçe wariantyň” bardygyny belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, agramy iki kilogramdan köp bolmadyk ýükler barada aýtýandygymyzy bellemelidiris.
Şeýle hem fderal awiasiýa administrasiýasy (FAA) tarapyndan gadagan edilen halatynda bu inisiatiwanyň ýatyrylmagynyň mümkindigini duýdurýarys.
Şeýle hyzmatyň bildirisini ilkinji gezek 2013-nji ýylda Amazonyň öňki başlygy Jeff Bezos tarapyndan edilendigini hem ýatladýarys. Şondan bäri dik uçuşy bilen tapawutlanýan Prime Air drony doly dizaýn aldy.
Leýli GAJYMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 115-nji toparynyñ talyby