Gün panelleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin pomidorlary, has takygy, pomidorlara gyzyl reňk berýän pigment, likopeni goşuň. Şeýle netijä hytaýly alymlar geldiler.

Szilin uniwersitetiniň topary, likopeniň antioksidant bolany üçin, ol gün panelleriniň materiallaryna zeper ýetmegini haýalladar, bu bolsa bu enjamlaryň ömrüni artdyar diýen karara geldi.

Munuň dogrydygy ýüze çykdy, ýöne üstesine-de, likopenli panellerde ýagtylygy energiýa öwürmek ukyby 3% ýokarlandy. Gözlegçileriň çaklamasy, likopeniň elektrik energiýasynyň geçişini gowulandyrýan gün öýjüklerini emele getirýän perowskit kristal gurluşynda mikroskopik bölekleriň sanyny azaltmaga kömek edýändigi. Egerde bu iş tassyklansa, adaty pomidor şeýle panelleriň energiýa netijeliligini ýokarlandyrar.

Batyr ANNAMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.