Lukman Stiwen Şeýniň ýolbaşçylygyndaky geçirilen gözlegiň dowamynda hünärmenler, kowid ýa-da köp ulgamly sowuklama alamatlary bilen hassahana ýerleşdirilen çagalaryň hassahanada has köp wagt geçirýändiklerini we dümew bilen kesellänlere garanyňda emeli howa çalşygyna has köp mätäçdiklerini anykladylar. Hünärmenler tarapyndan alnan ähli netijeler JAMA Network Open neşirinde çap edildi.
Ylmy işleriň çäginde hünärmenler Birleşen Ştatlaryň 66 sany intensiw terapiýa bölüminde bolan çagalar barada derňew geçirdiler.
Görnüşi ýaly, 2020-nji ýylyň aprel aýyndan 2021-nji ýylyň iýun aýyna çenli döwürde koronawirus ýa-da köp ulgamly sowuklama alamatly (MIS-C) çagalaryň hassahana ýerleşdirilmeginiň sany 1959 boldy, dümew sebäpli hassahana giren çagalaryň sany bolsa 2018-nji ýylyň aprel aýyndan 2020-nji ýylyň mart aýyna çenli – 1561 boldy. Şol bir wagtyň özünde MIS-С ýada kowid hassalarynda, keselden ölmek howpy has ýokarydy.

RU












