Täze Zelandiýanyň WoolAid kompaniýasy, öz döreden tebigy plastyrlarynyň ýaralary has gowy bejerýändigini we daşky gurşaw üçin has gowy täsir edýändigini öňe sürýär.

Adaty nebit-himikat esasly plastyrlardan tapawutlylykda, WoolAid-iň “gaty inçe” Merinos matasy we ýara üçin ýassyjaklary, çyglylygy ýok etmek we dargatmak üçin ýüňli esasy gatlak hökümünde niýetlenendir. WoolAid kompaniýasy, ýüňüň tebigy dem alyş ukybynyň bejeriş prosesine hem kömek edýändigini tassykladylar şeýle hem has inçe merinosyň derä ýumşaklyk bilen ýapyşýandygyny we temperaturany tebigy ýagdaýda kadalaşdyrýandygyny aýtdy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ulanylandan soň, plastyrlar dört-bäş aýyň içinde dargaýar. Häzirki wagtda WoolAid plastyrlaryny diňe Täze Zelandiýanyň dükanlarynda alyp bolar, ýöne kompaniýa bu paýlaşmany giňeltmek üçin işjeň işleýär.

Akbaýewa Aýnur,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň,
 4-nji ýyl talyby.