Bred Pitt öz karýerasynyň jemleýji tapgyrynda işleýändigini mälim etdi. Ol bu barada GQ bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Bu soňky alty ýa-da üç aýlyk döwür. Ol nähili bolar? We men onuň nähili bolmagyny isleýärin?” – diýip Pitt öz pikirleri bilen paýlaşdy.

Makalada, soňky wagtlarda artist baş gahrymanlaryň rollarynda has seýrek peýda bolýandygy we aktýor hökmünde ol barada dörän düşünjeleri pese gaçyrýan garaşylmadyk obrazlary saýlaýandygy bellenilýär.

Şeýle hem Pitt prodýuserçilige köp wagt sarp edýär. Ol bu biznese täze gelenleri goldaýar we eýýäm degerli awtorlaryň işini ösdürmäge kömek edýär.