Hünärmen, bu süýjülikden bokurdak agyrysy sebäpli ýüz öwürmegiň zerur däldigini aýtdy. Ýöne garaşylmadyk netijelerden gaça durmak üçin ätiýaçlyk çäreleri görmeli.
Ol çäreleriň esasysy, doňdurmany kiçijik bölekden iýmekdir. Umuman aýdanyňda, aramlyga üns bermelidir.
“Bokurdakdaky sowuklama sowukdan däl-de, bakteriýalar we wiruslar sebäpli döreýär. Käbir şertlerde doňdurma hakykatdan hem keseliň ösüşini çaltlaşdyryp biler. Ol bokurdagymyzy goraýan nemli bardanyň üstki gatlagyny sowadýar. Bu ýagdaýda wiruslar has çalt köpelip başlap bilerler we başga agyz bokurdak kesellerini döredip biler “-diýip lukman belledi.