Asus ROG Phone 6-yň mahabat kampaniýasyny dowam etdirýär we ony “dünýädäki ilkinji IPX4 oýun smartfony” diýip mahabatlandyrýar.

IPx4 gorag derejesi, smartfonyň islendik tarapdan suw damjalaryndan goralýandygyny aňladýar. Ýagny, teoretiki taýdan ROG Phone 6 ýagyşyň aşagynda hem ulanmak mümkin.

Ýaňy-ýakynda smartfonyň Snapdragon 8+ Gen 1 prosessoryny, 165 Hz ýygylygy bolan AMOLED ekrany we sowadyş ulgamyny aljakdygy mälim edildi. Mundan başga-da, enjamyň 6,78 dýuýmly ekran, 18 Gb RAM, 512 Gb ammar, 64 megapiksellik esasy kamera, 12 megapiksellik selefi kamera we 6000mAh akkumulýator bilen üpjün ediljekdigini mälim eden TENAA şahadatnamasyny aldy.