Bu soraga jogap gaty ýönekeý: duzly suw biziň böwreklerimiz tarapyndan “çykarylmaýar”.  Milli okeançylyk  we atmosfera müdirliginiň maglumatlaryna görä, deňiz suwunyň agramynyň takmynan 3,5% -i erän duzdan durýar.  Egerde okeanlardan ähli duzlary alyp, ony ýer ýüzüne ýerleşdirsek, gatlak 166 metrden gowrak beýiklige çykar.

Alymlar, haýwanlaryň köp sanlysynyň böwrekleri suwdaky hapalary süzýändigini düşündirdiler. Haçanda adam duzly suw içende, ol köp duz ýuwudýar we beden ony nähilidir bir ýol bilen bölüp çykarmaly.  Emma böwrekler, biziň ganymyzyň düzümindäki duzdan sähelçe pes duzy bolan diňe peşew öndürip bilýär, duzly suwda bolsa adatça adam ganynda bar bolan duzuň üç essesi bar.  Diýmek, içiljek her bir käse duzly suw üçin böwreklerimiz ähli duzy çykarar ýaly azyndan şol bir mukdarda süýji suw içmeli.

Abrdazakowa Dilfuza,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.