Ýakynda, Türkmenistanyn Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzda Ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiñ ileri tutulýan meselelerne bagyşlanan maslahat geçirildi. Oña Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, institutyñ professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda Kanuna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegniň ähmiýeti dogrusynda nygtap geçdiler. Şeýle hem, institutyñ talyplary bu Kanuna goşmaçalary girizmek üçin özleriniñ tekliplerini hödürlediler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlara döredilýän giñ mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jennet OMAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

žurnalistikasy fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.