Hünärmenler olaryň hemmesi Kanadanyň Arktika arhipelagynda okean kanallarynyň bozulmagy sebäpli diýen netijä geldiler. Şeýlelik bilen, belli bir sebitdäki adalaryň arasyndaky ummanyň “derwezeleri” Demirgazyk Atlantikanyň howasyna täsir edýän esasy faktor bolup durýar.

Mysal üçin, hut şolar Skandinawiýadaky buz örtügini emele getirýärler. Olaryň petiklenmegi ahyrky netijede Demirgazyk ýarym şaryň ýeterlik derejede sowamazlygyna sebäp bolýar, bu bolsa öz gezeginde Kanadanyň demirgazygynda we Sibirde buz ýataklarynyň emele gelmeginiň bozulmagyna sebäp bolýar.

Bu işiň awtorlary, gelen netijeleriniň diňe soňky buzluk döwri däl-de, ähli ähli buzluk döwrüne degişlidigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde olar tarapyndan döredilen modeli, Ýeriň ulgamynda ozal näbelli özara täsirleşmeleri ýüze çykarmaga kömek edip biler.