Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň we energiýany gaýtadan işleýän çeşmeleriň Milli laboratoriýasynyň inženerleri hereket edýän bölekleri bolmadyk ýylylyk hereketlendirijisini döretdiler. Ol ýylylygy, 40%-den gowrak täsirli elektrik toguna öwürýär.
Bu enjam, ýylylygyň gaty gyzgyn çeşmelerinden passiw ýagdaýda ýokary energiýaly fotonlary tutýan, gün batareýasynyň fotoelektrik öýjüklerine meňzeş termofotowoltaik (TPV) element bolup durýar. Ol 1900 – 2400°C temperatura ýetýän çeşmelerden elektrik energiýasy öndürip biler, bu bolsa hereket edýän bölekleri bolan turbinalar üçin gaty gyzgyn. TPV elementiniň mundan öňki iň ýokary täsirliligi 32% bolupdy, ýöne topar bu görkezijini has ýokary temperaturany, has ýokary energiýa fotonlaryny üýtgedip bilýän materiallary ulanmak arkaly kämilleşdirdi.
Ulgam, güne meňzeş täzelenip durýan çeşmelerden artykmaç energiýany özüne siňdirer we ony has gowy izolirlenen gyzgyn grafit bankalarynda saklar. Öýjükler ýylylygy elektrik toguna öwürer we zerur bolan ýagdaýynda energiýa ulgamyna iberer.