Kanadanyň Günbatar Ontario uniwersitetiniň alymlary koronawirusyň uzak möhletli alamatlarynyň mehanizmlerini öwrendiler.

Synaglaryň dowamynda gatnaşyjylar ksenon gazyndan dem aldylar, munuň netijesinde hünärmenler gana kislorod ýetirmek üçin jogapkär alweolýar haltalaryň işleýşine hakyky wagt düzgüninde gözegçilik edip bildiler.

Bu işiň gidiş döwründe 300-500 million alweolýar haltajyklaryň işleýşi öwrenildi, bu bolsa koronawirus keselli näsaglarda, eritrosit öýjüklerine kislorodyň ýaýramasynyň nähili bozulýandygyny görmäge mümkinçilik berdi.

Alymlar täze maglumatlara esaslanyp, anti-kowid bejergisiniň bar bolan usullaryny düzetmek isleýärler, şeýle hem demiň gysmagy, huşuň bulaşmagy we ýadawlyk ýaly näsazlyklar bilen ýüze çykýan COVID-19 alamatlarynyň dowamlylygyny azaltmaga kömek etmek isleýärler.