Gözlegçiler topary agyryny aýyrýan kiçijik, ýumşak we çeýe implant döretdi.
Bioylalaşykly, suwda ereýän implant, nerw öýjükleri doňdurýar we beýnimize barýan agyry signallaryny ýapyp nerw öýjükleri ýuwaşlyk bilen örtmek arkaly işleýär. Daşarky nasos ulanyja enjamy uzakdan işjeňleşdirmäge, soňra bolsa onuň intensiwligini ýokarlandyrmaga ýa-da peseltmäge mümkinçilik berýär. Implant öz işini bolandansoň, hirurguýa gatyşmaklygy bolmazdan tebigy ýagdaýda eräp gidýär.
Gözlegçiler bu enjamyň, adatça operasiýadan soňky dermanlary talap edýän amputasiýa edilýän ýa-da hirurgik operasiýa geçirmeli hassalar üçin iň gymmatly boljakdygyna ynanýarlar. Hirurglar enjamy prosesiň gidip duran wagtynda ýerleşdirip bilerler.