Boliwiýadaky San Andres ýokary uniwersitetiniň botanikleri britaniýaly we amerikaly kärdeşleri bilen Victoria tohumunyň ägirt uly suw liliýalarynyň ýene-de bir görnüşini açdylar, alymlaryň gözlegleri Frontiers in Plant Science žurnalynda çap edildi.
Ozal bu liliýalaryň diňe iki görnüşi bar diýip hasaplanýardy – Victoria amazonica ýa-da Victoria cruziana. Takmynan 177 ýyl mundan ozal Boliwiýadan Beýik Britaniýa bu ösümligiň nusgasy getirilipdi, ýöne ol öz doganlaryna meňzemeýärdi.
Ululygy we etliligi sebäpli bu suw liliýalaryny öwrenmek kyn. Şeýle-de bolsa gözlegçiler, saklanyp galan gerbariýden DNK nusgalaryny alyp bildiler bu bolsa olara täze bir görnüşi açmaga mümkinçilik berdi.
Suw liliýasynyň täze görnüşi öz maşgalasynyň arasynda iň ulusydyr. Suw liliýalarynyň golçalarynyň ululygy 3,2 metre ýetýär, gülleri bolsa adam kellesinden hem has uludyr.