Jeýms Kameronyň “Awatar: Suwuň ýoly” filmindäki aktrisa Sigurni Uiweriň keşbi belli boldy. Ol 72 ýaşynda baş gahrymanlar Jeýk Salliniň (Sem Uortington) we Neýtiriniň (Zoi Soldana) ýetginjek gyzynyň keşbini oýnady. Disney studiýasy gahryman bilen düşürilen ilkinji suratlary görkezdi.

Esasy filmde Uiwer alym Greýs Awgustin keşbini ýerine ýetirdi. Aktrisa häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen ýetginjegiň keşbini durmuşa geçirip bildi. Kameronyň sözlerine görä, ol aňsatlyk bilen 60 ýaş ýaşardy we tutuş filmiň dowamynda öz obrazyndan çykmady.

Täze “Awataryň” premýerasy 2022-nji ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirilýär.