Hindistanyň bazarynda 8 ýyldan bäri bolmagy mynasybetli, kompaniýa özüniň dört aýakly kömekçisini bu ýere getirdi. Xiaomi birnäçe Mi Home atly firma dükanlarynda hut onuň özüni we onuň başarýan zatlaryny görkezdi: Deli, Mumbai, Kalkutta, Çennai we Ahmedabatda.

Robotyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri onuň açyk başlangyç kodydygyny ýatladýarys. Şol bir wagtyň özünde kiçijik Jetson Xavier NX AI superkompýuter enjamyň esasyny emele getirdi. Şeýle hem onda, 128 Gb SSD-toplaýjy bar.

Robotyň giňişlikde hereket etmegine 11 sany ýokary takykly datçik ulgamy kömek edýär. Olar şol bada garşy aragatnaşygy üpjün edýärler, bu bolsa CyberDog-y aşa manýowrly we kyn ýerlere aňsatlyk bilen uýgunlaşdyrýar.

Häzirki wagtda Xiaomi-iň täze önümi dünýä bazaryna näçe wagtdan çykjakdygy we nähili bahadan satyljakdygy barada takyk maglumat ýok.