Şeýle batareýalar sowuk howa şertlerinde elektrik ulaglaryna zarýad bermezden has uzak gitmäge mümkinçilik berip biler. Şeýle hem, ulag batareýalarynyň yssy howa şertlerinde aşa gyzmazlygy üçin sowadyş ulgamlarynyň zerurlykkaryny azaldyp bilerler.

Synag wagtynda synag edilýän batareýalar, degişlilikde -40 we 50°C-de özüniň energiýa kuwwatynyň 87,5% we 115,9% saklady. Şeýle hem, bu temperaturalara degişlilikde, olaryň 98.2% we 98,7% ýokary peýdaly täsir koeffisiýenti bardy, bu bolsa batareýalaryň hatardan çykmazyndan öň köp sanda zarýad berme we zarýad alma sikline duçar bolup biljekdigini aňladýar.

Häzirki wagtda alymlar, olaryň has ýokary temperaturada işlemekligi we ömrüni uzaltmak üçin batareýalary optimizirlemek isleýärler.